TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren edermen gallaçylarymyzyň uly zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlaglarda, hususan-da, bu zähmet ýeňşiniň döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän bugdaý bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň güwäsidigi bellenilýär.

Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa, M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy mähirli gutlaglaryny ýolladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)