TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar. Şunda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Arkadag şäherine geldi. Mälim bolşy ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depgini barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, ähli desgalaryň, olaryň çäklerinde oturdyljak sütünleriň we beýleki binalaryň bezeg aýratynlygyna, uzak möhletleýinligine, serişdeleriň bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenilýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde D.Orazow Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň geçirilendigini we bu ýerde ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna täze, häzirki zaman 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Bellenilişi ýaly, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanýar. Ol ýokary tizlik derejesine, ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Onuň tizlik derejesi, öňkä garanyňda, 20 esse ýokarydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde bina edilýän önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda we binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna we hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň çäklerindäki binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli, bu ýerde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede, kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň açylmagynyň iki ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler, olaryň guramaçylyk derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna ýüzlerçe maşgala ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Milli Liderimiz täze şäheriň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Çäreler Arkadag şäheriniň häzirki döwürde ýeten derejesini, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşyny, Köpetdagyň etegindäki künjekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde amala aşyrylýan beýik işleriň ajaýyp miwelerini eçilýändigini görkezmelidir.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Taslamalar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň, Arkadag şäheriniň seýilgähiniň, metjidiň girelgesiniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň aýratynlyklaryna, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak sütünleriň, oturgyçlaryň, beýleki serişdeleriň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, täze şäheriň dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýtdy we ýol ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, seýilgähde adamlaryň doly derejede dynç alyp bilmekleri, çagalaryň wagtyny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň çäklerindäki ähli desgalaryň, oturgyçlardyr bassyrmalaryň arassaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini girizdi.

Şeýle-de seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän suw çüwdürimleri, olaryň howdanlarynyň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini nygtady. Aýratyn-da, seýilgähiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän awtoduralgalaryň amatly ýerleşdirilmegine zerur üns berilmelidir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan binalaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, olarda millilige möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, täze metjidiň girelgesiniň binagärlik keşbi häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda milli senetçiligiň ýokary derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan küýzegärlige degişli önümleriň birnäçe görnüşleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda agaç we beýleki serişdeler, olaryň bezegi bilen meşgullanýan ussalaryň milli neçjarçylyk, küýzegärlik däplerine esaslanýan usullardan netijeli peýdalanýandyklaryny aýdyp, bu ugurlaryň geljek nesiller üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde öňde boljak şanly seneleriň hormatyna gelin-gyzlarymyzyň el işlerine degişli serginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden amaly-haşam sungatyna, milli keşdeçilik usullarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegine we ýaşlaryň bu ugra bolan höwesiniň artmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň degişli derejede we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.