
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygy nygtalýar. Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri we innowasion aýratynlyklar öz beýanyny tapýar. Şäherde gurlan ähli binalardyr desgalar, ilata hödürlenilýän hyzmatlar, onuň ekologik derejesi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Gutlaglary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ajaýyp waka bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)