TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gahryman Arkadagymyz «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Arkadag şäheri, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar esasynda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Işewür hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, şol saparyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň milli pawilýony sergide uly üstünlige eýe boldy we häzirki wagtda “EKSPO — 2025-de” iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de işewüriň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi we saparyň çäklerindäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi daşary ykdysady syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitleýär. Şunda ýurdumyz ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýokary derejede alnyp barylýar, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykarylyp, dürli ulgamlarda üstünlikler gazanylýar.

Ýapon kompaniýalary ýurdumyzda senagat toplumlarynyň gurluşygy boýunça iri taslamalary amala aşyrmakda özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Kawasaki” kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu kompaniýa Türkmenistanda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we işewür geljekki täze taslamalar barada pikir alyşdylar. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, ýurdumyzyň bu ýapon kompaniýasynyň innowasion taslamalar babatda tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.