
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrowy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran karary makullanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýewi Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran karary makullanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedowy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran karary makullanyldy.
* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy täze eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi hem-de hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
(TDH)