TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynda milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatyňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşy, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüşler gazanylyp, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş, medeni aň-bilim derejesi has-da ýokarlanýar, milli medeniýetimiz we köpöwüşginli sungatymyz döwrebap eserler bilen baýlaşýar.

Siziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryňyz esasynda gadymy Ahal ýaýlasynda geçirilen Medeniýet hepdeligi hem türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde, döredijilik işgärlerini kämil eserleri döretmäge ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bu hakykat Siziň bu özboluşly sungat baýramçylygyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyzda: «Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalaryny has-da artdyryp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli medeni çärä öwrüler. Medeniýet hepdeligi medeniýet toplumynyň agzybir işgärleriniň göwünlerini galkyndyrýan, döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrýan sungat baýramydyr» diýen jümleleriňizde hem öz beýanyny tapýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen medeni forumyň çäklerinde guralan çäreler şanly senä — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Şoňa görä, olarda ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşyk aýdyň ýüze çykdy. Köpöwüşginli çärelerde opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlary täsirli hem döwrebap eserler arkaly açylyp görkezildi. Bularyň ählisi bagtyýar watandaşlarymyzy halal we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmaga, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny giňden wagyz etmäge goşant goşýan ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, teatr we kino işgärleriniň, kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň alyp barýan döredijilikli işine berilýän ýokary bahanyň, olar üçin döredilýän oňyn şertleriň ajaýyp miweleridir.

Hormatly Prezidentimiz!

Medeni forumyň dowamynda ýurdumyzyň meşhur aýdym-saz, tans, döredijilik toparlary, bagşy-sazandalary, aýdymçylary halkymyzyň eşretli durmuşyny, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini wasp edip, joşgunly aýdym-sazlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, öz gezeginde, türkmen sungatynyň köpöwüşginli dünýäsiniň gözelliklerini çeper şöhlelendirdi. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamynda okan goşgulary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň belent waspy bolup ýaňlandy. Döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, täze sahna eseriniň hem-de çeper filmleriň ilkinji görkezilişleri, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ugurlaryny kesgitlemek, milli tans, folklor we bagşyçylyk sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen çäreler hem täsirliligi bilen tapawutlandy.

Biz Siziň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri üçin döredýän ähli zerur mümkinçilikleriňizden netijeli peýdalanyp, geljekde-de kämil, döwrebap eserleri halkymyza sowgat edip, milli medeniýetimiziň mazmun taýdan has-da baýlaşmagyna öz goşandymyzy goşmak ugrunda yhlasly we döredijilikli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň goldaw-hemaýatlaryňyzdan ruhlanyp, biz geljekde-de berkarar döwletimiziň medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň ösüşlerini joşgunly wasp edýän kämil eserleri döretmek ugrunda ähli yhlasymyzy, ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrmarys. Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren ýardamyňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar.