
Resmi habarlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.
(TDH)