TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri mynasybetli hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýlary toýlara ulaşýan günlerinde ýurdumyzyň sport älemindäki abraýynyň barha belende galýandygyna şaýatlyk edýän ýene bir sport baýramçylygynyň — küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda türgenlerimiziň ynamly çykyş edip, umumylykda toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp bolmaklary bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeldýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça başy başlanan giň gerimli işler Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mynasyp dowam etdirilýär. Siziň beýik başlangyçlaryňyz esasynda dostlukly döwletler, abraýly halkara guramalar bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri, bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sporty ösdürmäge hem uly üns berilýär.

Eziz Watanymyzda sportuň küşt görnüşini giňden ýaýratmaga-da aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleriniň küşt boýunça iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen adam saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň we sportuň, aýratyn-da, dünýä meşhur sport oýunlarynyň ornunyň barha ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylmagy bagtyýar çagalygyň mekany bolan Türkmenistanda Siziň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek, ýaşlaryň joşgunly hyjuwyny, Watana bolan söýgüsini, şu güne buýsanjyny, röwşen geljege ynamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak ugrunda edýän aladalaryňyzyň aýdyň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrýan ajaýyp syýasatyňyzyň netijesinde ýurdumyz halkara derejede ykrar edilen sport merkezine öwrülýär. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygyny görkezýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň: «Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli şertleri dörederis» diýen jümleleriňiz sport ulgamynyň ähli işgärleriniň hem-de türkmen türgenleriniň buýsanjyny artdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda türgenlerimiziň ynamly çykyş edip, gazanan ýeňişleri bilen Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlaryňyz hemişe rowaç bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri mynasybetli hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar.