TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, serkerdeleriniň we professor-mugallymlarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hünär derejesini ýokarlandyryp, ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bu gün täze durmuş we zähmet ýoluna gadam basýarlar. Siziň bu ýatda galyjy gün mynasybetli ýollan çuňňur manyly Gutlagyňyz ykbalyny ýurt goragyna baglan, kalby buýsançdan, gursagy hyjuwdan doly uçurymlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Siziň: «Ynsan ömrüniň manysy onuň Watan, il-gün, geljek nesiller üçin bitiren işleri bilen ölçenilýär. Watan goragyna baglanan ömür bolsa nusgalykdyr, görelde alarlykdyr» diýen sözleriňiz Watan mukaddesligini ýene bir ýola has-da dabaralandyrdy. Bu parasatly jümleler biz — uçurymlaryň ata Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etmäge, onuň mukaddes topragyny jan aýaman goramaga bolan höwesimizi, Garaşsyz Diýarymyza, mähriban halkymyza söýgimizi has-da artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy, asuda durmuşy berkarar etmäge çagyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip, türkmen Bitaraplygynyň halkara giňişlikde üçünji gezek ykrar edilmegi munuň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Bu şanly wakanyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylyna gabat gelmegi taryhy nukdaýnazardan wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly çuňňur oýlanyşykly filosofiýanyň hem-de «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen täze ösüş ýoluna gadam basan, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda barha rowaçlanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklary agzybirlige, jebislige çagyrmagyň hem-de olary dostlukly maksatlaryň daşynda jebisleşdirmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Parahatçylyk söýüjilikli häsiýete eýe bolan daşary syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesi has-da belende galýar. Bu bolsa merdana Watan goragçylarynyň hem buýsanjyny artdyryp, göwünlerini galkyndyrýar.

Mertebesi belent Prezidentimiz!

Parasatly pederlerimiz tarapyndan kemala getirilen hem-de bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde nesillere miras galdyrylan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bu günki gün Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mynasyp dowam etdirilýär. 2025-nji ýylyň ýurdumyzda hem-de dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň parahatçylyk döretmek sungatynyň dünýäde giň ykrara eýe bolýandygynyň nyşanyna öwrülmek bilen, ýaş nesilleri mukaddes topragymyza söýgi, parahat durmuşymyza, asuda döwrümize bolan buýsanç ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz — bagtyýar uçurymlar geljekde saýlap alan kärimizde ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlygy berkitmek ýaly asylly ýörelgelerini özümize çelgi edinip, ýurt goragynda sak durarys. Eziz Watanymyzy bütin dünýä tanatmak, türkmen halkynyň abraý-mertebesini äleme ýaýmak babatda durmuşa geçirilýän işlere goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklarymyzy gaýgyrmarys.

Hormatly Prezidentimiz!

Ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olarda öz mümkinçiliklerini we başarnyklaryny açyp görkezmäge höwes döretmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ýaşlar döredijilik, sport, ylym-bilim bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler, döwlet hem-de halkara derejede guralýan ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl tugumyzy belentde parladýarlar. Watanymyza şan getirýän şeýle ýaşlaryň arasynda Watan goragçylarynyň hem bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Bu bolsa ýaşlaryň ähli ugurlar boýunça kämilleşip, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda döredilýän giň mümkinçilikleriň berýän oňyn netijesidir.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Siz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň konstitusion gurluşyny, döwlet serhetlerimiziň eldegrilmesizligini, asmanymyzyň asudalygyny, ýurt parahatçylygyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini, sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde Watan goragçylaryna uly ynam bildirýärsiňiz. Bu belent ynam biziň üçin iň uly mertebe bolup, ählimizi uly üstünliklere, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ykbalyny Watanyň goragyna baglan biz — uçurymlar geljekde-de döwrümiziň ylmy öňegidişlikleri bilen aýakdaş gidip, sahawatly türkmen topragynda parahatçylygyň, asudalygyň, durnuklylygyň, tertip-düzgüniň höküm sürmegi üçin jan aýaman wepaly gulluk etjekdigimize ynandyrýarys. Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň hemişe belent bolmagyny, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýä jemgyýetçiliginde asudalygyň we parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, serkerdeleri we professor-mugallymlary.