TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry­na, ser­ker­de­le­ri­ne we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na

Mäh­ri­ban uçu­rym­lar!

Si­zi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň, çäk bi­te­wü­li­gi­niň, kons­ti­tu­sion gur­lu­şy­nyň, go­ran­mak uky­by­nyň, döw­let ser­het­le­ri­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­niň, ýurt howp­suz­ly­gy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik asu­da­ly­gy­nyň, mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň we hu­kuk ter­ti­bi­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­jek ýo­ka­ry ser­ker­de­ler dü­zü­mi­ni we iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ýan Har­by aka­de­mi­ýa­ny hem-de hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­ýän ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni üs­tün­lik­li ta­mam­lap, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi­ne, il­kin­ji ser­ker­de­lik de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­ňyz hem-de zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ma­gy­ňyz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da Wa­tan go­ra­gyn­da tä­ze men­zil­le­re ga­dam goý­ma­gy­ňyz si­zi ýurt go­ra­gyn­da tä­ze be­lent sep­git­le­re ruh­lan­dyr­ma­ly­dyr. Çün­ki pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň bi­ze mi­ras go­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik hem-de yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri asu­da, er­ka­na dur­mu­şyň sa­ka­sy­dyr, Wa­ta­na bo­lan be­lent söý­gi­niň bü­tin adam­za­dyň bäh­bi­di bi­len ut­gaş­ma­sy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, siz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, ra­ýat­la­ry­my­zyň asu­da we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ni go­ra­ma­gy, türk­men jem­gy­ýe­tin­de ka­nun­çy­ly­gy, hu­kuk ter­ti­bi­ni mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gy mu­kad­des borç ha­sap­lap, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta ber­jaý et­me­li­si­ňiz.

Mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry!

Türk­men hal­ky mert­li­gi, eder­men­li­gi hem-de gaý­rat­ly­ly­gy bi­len ta­nal­ýar. Bu asyl­ly hä­si­ýet­ler hem-de ýö­rel­ge­ler hä­zir­ki bag­ty­ýar gün­ler­de hem Wa­tan go­rag­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Yn­san öm­rü­niň ma­ny­sy onuň Wa­tan, il-gün, gel­jek ne­sil­ler üçin bi­ti­ren iş­le­ri bi­len öl­çe­nil­ýär. Wa­tan go­ra­gy­na bag­la­nan ömür bol­sa nus­ga­lyk­dyr, gö­rel­de alar­lyk­dyr. Şo­nuň üçin hem Wa­tan go­ra­gy ug­run­da deň­siz-taý­syz eder­men­lik gör­ke­zen pe­der­le­ri­mi­ziň, şol san­da us­sat mu­gal­lym, eder­men es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew, Wa­ta­nyň we­pa­ly og­ly, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny

Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedow ýa­ly ger­çek­le­riň ömür ýol­la­ry her bir Wa­tan go­rag­çy­sy üçin mert­lik mek­de­bi­dir. Siz hem ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran mer­da­na şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň eder­men­lik, gaý­duw­syz­lyk, we­pa­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni özü­ňi­ze nus­ga edi­nip, pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­ra­ty­ny ar­şa gö­ter­me­li­si­ňiz. Hä­zir­ki za­man har­by teh­ni­ka­la­ry­na we en­jam­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de us­sat­lyk bi­len erk edip, Wa­ta­ny söý­me­giň kä­mil nus­ga­sy­ny gör­kez­me­li­si­ňiz. Hal­ky­my­zyň leb­zi­ha­lal­lyk, mert­lik, pes­päl­lik ýa­ly be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny özü­ňiz­de jem­läp, wa­tan­per­wer ger­çek­le­riň my­na­syp do­wa­ma­ty bol­ma­ly­sy­ňyz.

Hor­mat­ly ser­ker­de­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar!

Ylym-bi­lim­li, hü­när taý­dan taý­ýar­lyk­ly, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn hü­när­men­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da har­by hü­när­men­le­riň taý­ýar­ly­gy­na, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň tä­ze nes­li­ni ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ge­çen ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi şu gün­ki Wa­tan ger­çek­le­ri­niň baş­lan­gyç har­by taý­ýar­ly­gy­nyň kä­mil bol­ma­gy­na uly iter­gi ber­di.

Ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da Wa­tan mu­kad­des­li­gi­niň ga­dyr-gym­ma­ty­na bir­kem­siz dü­şün­ýän, pe­der­le­ri­mi­ziň mert­lik ýo­lu­na eýer­ýän, har­by sun­gat­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­ýan we har­by teh­ni­ka­la­ra ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän, mu­kad­des Wa­ta­ny­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny, ser­het­le­ri­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik asu­da­ly­gy­nyň go­ra­gy­ny üp­jün et­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­jak hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da ser­ker­de-mu­gal­lym­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Si­ziň bu iş­de yh­las-ba­şar­nyk­la­ry­ňy­zy gaý­gyr­man, giň göz­ýe­tim­li, ýo­ka­ry ah­lak­ly we be­den taý­dan sag­dyn, Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek ug­run­da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­jek­di­gi­ňi­ze berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly uçu­rym­lar!

Si­ziň äh­li­ňi­zi ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni üs­tün­lik­li ta­mam­la­ma­gy­ňyz bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­ly­gy­ny, uzak ömür, eg­sil­mez bagt, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, mu­kad­des we jo­gap­kär­li gul­lu­gy­ňyz­da uly üs­tün­lik­le­ri we ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Ser­dar BERDIMUHAMEDOW.