
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredip beren ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.
Siziň parasatly başlangyjyňyz bilen Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen bu giň möçberli çäre türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilige türkmen dokma pudagynyň gazananlaryny açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Senagat pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine, baý tebigy serişdeleriň esasynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Halkara sergi-ýarmarka gatnaşan myhmanlar dokma pudagynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gatnaşan dokma pudagynyň işewür toparlary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilikleriň döredilmegi bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde ýokary derejede guralan halkara sergi-ýarmarka ýurduň dokma pudagynda ýetilen sepgitleriň we geljek üçin meýilnamalaryň görkezilýän möhüm ähmiýetli meýdançasyna öwrüldi. Dokma senagatynyň dünýäde uly meşhurlyk gazanan harytlary täsin diwarlyklarda öz beýanyny tapdy.
Häzirki zaman ýokary tehnologiýalaryna esaslanýan önümçilikleriň giň gerimde döredilmegi, olary kompýuter arkaly dolandyrmak ulgamynyň kemala getirilmegi, içerki bazaryň haryt üpjünçiliginiň ýerli önümçilikleriň hasabyna ýokarlanmagy, daşary ýurt bazarlarynyň talaplaryny nazara alyp, geljegi uly ugurlaryň eksport mümkinçiliklerini peýdalanmak şu günüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Siziň bimöçber aladalaryňyzyň netijesinde bu günki gün ägirt uly eksport kuwwatyna eýe bolan dokma senagaty Türkmenistanyň gaýtadan işleýän senagatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetiň üstünlikli senagatlaşdyrylmagy netijesinde önümçilik düzümi düýpli döwrebaplaşdyrylan dokma pudagy ösüşli menzilleri nazarlaýar.
Türkmenistanyň dokma pudagyny has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, ýurtda öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply dokma önümlerini, köp görnüşli harytlary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Halkara sergi-ýarmarkada hem ýurduň dokma pudagynda gazanylan üstünlikler açylyp görkezildi. Dokma senagatynyň dünýäde uly meşhurlyk gazanan harytlary döwrebap bezelen pawilýonlarda giňden ýaýbaňlandyryldy.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň ýokary derejede geçirilmegine beren ýardamyňyz hem-de önümçilik we senagat pudaklarynyň hünärmenleriniň tejribe alyşmagyna döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar.