
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Size hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de türkmen ylmynyň gazananlaryny dabaralandyrýan bu nurana baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, şeýle-de ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly, örän netijeli geçmegi babatynda döreden giň mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky ynsanperwer başlangyçlaryňyzyň, ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, jemgyýetimiziň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de ylmy diplomatiýa babatynda köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim ulgamyny ösdürmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna ýokary tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, jemgyýetiň aň-bilim, döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlaryndan hem-de çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Siziň ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda berýän tabşyryklaryňyzdan, intellektual, ylmy-tehniki özgertmeleriňizden ugur alnyp, ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, ylmy barlaglary hem-de möhüm taslamalary maliýeleşdirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar, älem giňişligi, elektron maglumat ulgamlary, köpugurly senagat rewolýusiýasy, tebigat, jemgyýet, adam babatda täze bilimler özleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilimiň gazananlaryny we giň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirýän Türkmenistan iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, türkmen halkyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, il-halkyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Size bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Sarpasy belent Türkmenistanyň Prezidenti!
Döwrebap bilim we ylym ugurlary dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolup, parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem örän möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Siziň ylym, bilim, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek baradaky beýik başlangyjyňyz esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.
Siziň Türkmenistanda innowasion ösüşlere, ykdysadyýete öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyňyz, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, täze innowasion senagaty döretmek ugrundaky tagallalaryňyz, ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlaryňyz halkara derejede uly goldawa mynasyp bolýar. Şöhratly üstünlikler bilen rowaçlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatda biz özara tejribe alşyp, nano, himiýa, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ylmyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynda orta we uzak möhletli geljegi nazarlaýan möhüm wezipeleri kesgitledik, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Şeýle hem şu halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelençler, maslahatyň geçýän ýerinde guralan innowasion tehnologiýalaryň sergisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler bizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Munuň özi Siziň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar babatynda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna ynamly goşulmaga ýardam berýän ynsanperwer syýasatyňyzyň rowaçlyklara beslenýändigini, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň, iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylýandygyny, innowasiýalaryň, maglumat tehnologiýalarynyň özleşdirilýändigini alamatlandyrýar.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Size «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň üstünlikli we şowly geçmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ylymlar güni mynasybetli ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlaryňyz, belent tutumlaryňyz hemişe rowaç bolsun!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar.