TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li hal­ka­ra mas­la­hat

Aş­ga­bat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li däp bo­lan “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat öz işi­ne baş­la­dy.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­lim we ylym ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da bar bo­lan bin­ýa­dy pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň, onuň tä­ze sep­git­le­re ýet­me­gi­niň mö­hüm şer­ti­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­niň öw­re­nil­me­gi­ne, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şun­da döw­le­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li esas­da alyp bar­ýan bi­lim we ylym dip­lo­ma­ti­ýa­sy wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler ylym ul­ga­my­na hal­ka­ra stan­dart­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Hä­zir­ki wagt­da döw­rüň ta­lap­la­ryn­dan ugur al­nyp, bi­lim işi we yl­my usu­ly­ýet­ler, okuw mak­sat­na­ma­la­ry kä­mil­leş­di­ril­ýär. De­giş­li ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär, in­te­rak­tiw, uzak ara­lyk­dan okat­ma­gyň usul­la­ryn­dan peý­da­lan­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­let gol­da­wy esa­syn­da bin­ýat­la­ýyn na­za­ry we ama­ly yl­my bar­lag­la­ryň ge­ri­mi gi­ňel­di­lip, alym­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär, ugur­daş dü­züm­ler döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Da­şa­ry ýurt­la­ryň yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri, hal­ka­ra yl­my jem­gy­ýet­çi­lik bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. “Türk­me­nis­tan­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2024 — 2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy” we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň 2024 — 2028-nji ýyl­lar üçin Me­ýil­na­ma­sy bu ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şun­da bi­li­miň, yl­myň we önüm­çi­li­giň öza­ra ara­bag­la­ny­şyk­ly bol­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Tej­ri­be alyş­mak, yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýyl­da gu­ral­ýan bu iki gün­lük fo­ru­ma türk­men alym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Azer­baý­ja­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Be­la­ru­suň, Bol­ga­ri­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Mon­go­li­ýa­nyň, Uk­rai­na­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Er­me­nis­ta­nyň, Ka­ta­ryň, Al­ži­riň, Pa­kis­ta­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar.

Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­lar. Bu göz­den ge­çi­ri­liş­de ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­dä­ki ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ser­gi­de dür­li pu­dak­la­ryň ösü­şi­ne go­şant goş­jak öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­lar we tä­ze tas­la­ma­lar gör­ke­zil­di. Myh­man­lar mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, bio­teh­no­lo­gi­ýa­lar, eko­lo­gi­ýa ýa­ly ul­gam­lar­da soň­ky ga­za­ny­lan­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.

Umu­my mej­li­siň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän aja­ýyp baý­ram — Ylym­lar gü­ni, şeý­le hem «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, bu mas­la­ha­tyň alym­la­ryň yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry ba­bat­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da örän uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. “Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly­laş­dyr­mak hem-de se­na­gat­laş­dyr­mak ug­run­da­ky iş­ler bi­len ut­ga­şyk­ly in­no­wa­si­ýa­lar we teh­no­lo­gik ylym­lar bo­ýun­ça tä­ze bi­lim­le­ri, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri öz­leş­dir­mek, tä­ze yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry, oý­lap ta­pyş çöz­güt­le­ri­ni mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze or­naş­dyr­mak, bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ma­li­ýe, mad­dy-teh­ni­ki gol­daw­la­ry ber­ýä­ris” di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gut­la­gyn­da bel­le­ýär.

Soň­ra dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan alym­lar — Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Si­ro­jid­din Mir­za­ýew, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň baş alym-kä­ti­bi Wa­si­liý Gurs­kiý, Gru­zi­ýa­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mik-kä­ti­bi Wla­di­mir Pa­pa­wa, Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň GDA ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­ler­me­ni Ge­worg War­dan­ýan, Al­žir uni­wer­si­te­ti­niň yl­my ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Fe­rial Fi­la­li, Pa­kis­ta­nyň Ylym we teh­no­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi­niň yl­my ge­ňeş­çi­si Zo­na Zai­di, şeý­le hem san­ly ul­gam ar­ka­ly Azer­baý­ja­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Isa Ga­bib­beý­li, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Rif­kat Min­ni­ha­now, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň W.A.Al­ma­zow adyn­da­ky Mil­li luk­man­çy­lyk yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň Baş di­rek­to­ry Ýew­ge­niý Şlýah­to öz çy­kyş­la­ryn­da we­kil­çi­lik ed­ýän yl­my mer­kez­le­ri­niň işi­niň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler.

Il­ki bi­len, Azer­baý­ja­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti san­ly ul­gam ar­ka­ly çy­kyş et­di. Ol çy­ky­şyn­da türk­men-azer­baý­jan yl­my gat­na­şyk­la­ry­na ün­si çek­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da ylym, me­de­ni­ýet we sun­gat uly sep­git­le­re ýet­di. Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň alym­la­ry­nyň ara­syn­da­ky yl­my hyz­mat­daş­lyk ugur­la­ryň giň ge­ri­mi­ni öz içi­ne alyp, bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Azer­baý­jan­da be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi yl­my taý­dan yzy­gi­der­li öw­re­ni­lip ge­lin­ýär. Şa­hy­ryň eser­le­ri azer­baý­jan di­lin­de bir­nä­çe ge­zek ne­şir edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 1913-nji ýyl­da Bu­ha­ra­da çap edi­len goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň esa­syn­da şa­hy­ryň tä­ze di­wa­ny­ny ça­pa taý­ýar­la­mak­la­ry we ne­şir et­mek­le­ri türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­ny dün­ýä ta­nat­ma­ga go­şant bol­dy. Azer­baý­ja­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ny­za­my Gen­je­wi adyn­da­ky gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­tyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy iki ýur­duň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Çy­kyş­lar­da yl­myň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de eýe­le­ýän mö­hüm or­ny nyg­tal­dy. Bu gün­ki gün ylym bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Yl­myň ga­za­nan­la­ry jem­gy­ýe­ti­mi­ze, yk­dy­sa­dy­ýe­te, sag­ly­gy go­raý­şa we dur­mu­şyň beý­le­ki ul­gam­la­ry­na uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ylym bi­ziň daş­ky dün­ýä ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry­my­zy ke­ma­la ge­ti­rip, der­wa­ýys me­se­le­le­ri çöz­mä­ge ýar­dam ber­ýär we tä­ze göz­ýe­tim­le­ri aç­ýar. Fo­ru­myň do­wa­myn­da se­bit üçin mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lan seýs­mi­ki tö­wek­gel­çi­li­ge ba­ha ber­mek we çak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan yl­my-bar­lag iş­le­ri­ne-de üns be­ril­di. Seýs­mi­ki tö­wek­gel­çi­lik­le­re dog­ry we dürs ba­ha ber­mek ýer­tit­re­me­le­riň dö­räp bi­läý­jek zo­lak­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, zy­ýa­ny azalt­mak üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri iş­läp düz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. In­že­ner­çi­lik göz­leg­le­ri we sel­jer­me çak­la­ma­la­ry ýer­tit­re­mä gar­şy hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem çy­kyş­lar­da yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şin­de esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup çy­kyş ed­ýär. San­ly­laş­dyr­mak, aw­to­mat­laş­dyr­mak, eme­li aň ýa­ly yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry di­ňe bir tä­ze inf­rast­ruk­tu­ra­ny ke­ma­la ge­tir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, yk­dy­sa­dy ösü­şiň ug­ru­ny hem kes­git­le­ýär.

Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy, önüm­çi­lik amal­la­ry­nyň aw­to­mat­laş­dy­ryl­ma­gy, ro­bo­to­teh­ni­ka­nyň ula­nyl­ma­gy zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga we ba­zar öz­gert­me­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry tä­ze işe­wür­lik nus­ga­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne-de iter­gi ber­ýär. Elekt­ron söw­da­nyň, plat­for­ma çöz­güt­le­ri­niň, san­ly hyz­mat­la­ryň we ma­li­ýe teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi in­no­wa­sion önüm­le­ri dö­ret­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ylym, bi­lim, luk­man­çy­lyk ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mä­ge, ne­ti­je­de bol­sa, uzak möh­let­le­ýin esas­da yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Yl­my bar­lag­la­ra, iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek tä­ze teh­no­lo­gik sep­git­le­re ýet­mä­ge we äh­lu­mu­my in­no­wa­sion gi­ňiş­lik­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­mä­ge şert dö­red­ýär. Çy­kyş eden­ler tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň di­ňe bir yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň gu­ra­ly bol­man, eý­sem, hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de dur­nuk­ly ösü­şi, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy we jem­gy­ýe­tiň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji güýç­dü­gi­ni hem nyg­ta­dy­lar.

Fo­rum­da hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len tä­ze­den di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyl­dy. Ýew­ro­pa, Azi­ýa we Af­ri­ka ýurt­la­ry­ny ulag, inf­rast­ruk­tu­ra, yk­dy­sa­dy ge­çel­ge­ler bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan bu giň möç­ber­li trans­mil­li tas­la­ma ýurt­la­ra söw­da­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek bi­len, bi­lim, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry alyş­mak üçi­nem mö­hüm köp­rä öw­rül­ýär. Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bo­ýun­ça ulag we lo­gis­ti­ka ugur­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi oňa gat­na­şy­jy­la­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny çalt­lan­dyr­ma­ga, eks­por­tyň, im­por­tyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. De­mir ýol­la­ryň, port­la­ryň we lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da ula­nyl­ýan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ugur­daş pu­dak­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da tej­ri­be alyş­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Umu­man, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň kuw­wat­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­si hök­mün­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň we me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne uly go­şant goş­ýan öz­bo­luş­ly tas­la­ma­dyr.

Mas­la­hat­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky yl­my hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ony ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da-da dur­lup ge­çil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu hyz­mat­daş­lyk köp ul­gam­la­ry, şol san­da fi­zi­ka, hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, luk­man­çy­lyk, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne alyp, GDA-da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ösü­şi­ne ýar­dam ber­ýän esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup çy­kyş ed­ýär. Bi­le­lik­dä­ki yl­my-bar­lag tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi GDA-nyň çä­gin­dä­ki yl­my hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şeý­le baş­lan­gyç­lar bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň in­tel­lek­tual kuw­wa­ty­ny bir­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär, bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar.

Dür­li ýurt­la­ryň alym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­hat­lar yl­my hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu çä­re­ler bi­lim we tej­ri­be alyş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bo­lup, tä­ze yl­my ga­ra­ýyş­la­ry iler­let­mä­ge, hü­när gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, GDA-da yl­my hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň yl­my kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da wa­jyp ädim bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi we bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň yl­my-teh­no­lo­gik müm­kin­çi­lik­le­ri­niň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga iter­gi be­rer. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly äh­lu­mu­my we­him­ler bi­len bag­ly­lyk­da, yl­my hyz­mat­daş­lyk se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şiň ze­rur şer­ti bo­lup dur­ýar.

Umu­my mej­li­siň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar yl­my hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si hem-de dö­re­di­len şert­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan edi­len yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň, şeý­le hem Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­niň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­du­lar.

13-nji iýun­da hal­ka­ra yl­my mas­la­hat Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­de “Na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­rial­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka”; Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­kyn­da “Bio­teh­no­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy, eko­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka”; Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­tyn­da “Mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry”; My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­tin­de “Hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­la­ry”; Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­da “In­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýet”; Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de “Yn­san­per­wer ylym­lar”; Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­tyn­da “Mil­li mi­ras we ta­ry­hy kök­ler — Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň bin­ýa­dy” at­ly bö­lüm­çe­ler­de öz işi­ni do­wam eder. Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar üçin paý­tag­ty­my­zyň mu­zeý­le­ri we beý­le­ki gö­zel ýer­le­ri bi­len ta­nyş­ly­gy öz içi­ne al­ýan me­de­ni mak­sat­na­ma taý­ýar­la­nyl­dy.