
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni giňişligindäki ornuny pugtalandyrýan beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlary ylymly, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryndan, ösen innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenler edip ýetişdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligi yzygiderli ýokarlandyrylyp, olar milli ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy bilen bagly meseleleriň çözgüdine gönükdirilýär hem-de döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny beýgeldýän guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Siz Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyňyzda: «Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi, köp babatda, çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar» diýip bellemek bilen, döwrüň ylymdan paýly ýaşlaryny beýik geljegi gurmaga çagyrýarsyňyz.
Siziň çagyryşlaryňyzdan, bagtyýar ýaşlara bolan belent ynamyňyzdan ugur alyp, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda ylmyň, tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini, innowasion tejribeleri geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Siziň ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlaryňyz esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň garamagynda döredilen Ýaş alymlar merkezi ylmy gözleglere ukyply ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň — eziz Watanymyzyň şu günki we geljekki ösüşlerine ýardam berjek täze nesliň kemala gelmegi babatda uly işleri alyp barýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Dünýäde okgunly ösýän ylmyň ýaşlaryň gündelik durmuşynyň hemrasy bolmagy, olaryň bu ugurda gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de geljekde gazanan netijelerini önümçilige we durmuşa ornaşdyrmak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiz, Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde ösüş ýoly bilen öňe barýan döwletimizde döredilýän ylmy merkezleriň, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ajaýyp binalaryň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Siz: «Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglarynyň many-mazmuny bilen yzygiderli gyzyklanyp durýaryn. Ýaşlarymyzyň öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň özleşdirýändikleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri öwgä mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde, ýaş alymlar nano, himiýa, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürýän tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglary ýerine ýetirýärler» diýip, ylym dünýäsine gadam basan ýaş alymlara we talyplara uly ynam bildirýärsiňiz.
Biz okamak we öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, ähli gujur-gaýratymyzy, aň-düşünjämizi, ylym-bilimlerimizi berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş ederis, watanperwer nesiller bolup, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdireris.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Size Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman, baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň parasatly baştutanlygyňyz, egsilmez gujur-gaýratyňyz, yhlasly zähmetiňiz, gurmak we döretmek başlangyçlaryňyz bilen eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şan-şöhraty mundan beýläk-de dünýä dolsun!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar.