TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ýaş alym­lar — ýur­du­my­zyň yl­my we dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty

Aş­ga­bat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şik Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ral­ýar. Oňa yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry, yl­my iş­ler bi­len meş­gul­lan­ýan dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­ýar­lar.

Jem­gy­ýe­tiň ösü­şi hem-de dur­muş ul­ga­my­nyň öz­ger­me­gi ylym-bi­lim bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­lar­da öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion tej­ri­bä­niň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ýaş alym­la­ry sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra­nyň hor­mat­ly myh­man­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da “Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar hem bar. Da­ba­ra ta­lyp­la­ryň dün­ýä­niň dür­li dil­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy bi­len açyl­dy. On­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ma­ny-maz­mu­ny, pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri tä­sir­li wasp edil­di.

Hem­me­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­la­gyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, eziz Wa­ta­ny­myz­da yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­na yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň yl­my kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny bil­ýän, ýur­du­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne buý­san­ýan, onuň şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan ha­ky­ky wa­tan­sö­ýü­ji nes­li ke­ma­la ge­tir­mek bi­ziň baş mak­sat­la­ry­my­zyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş alym­la­ry­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň döw­le­ti­mi­ziň ab­ra­ýy­dy­gy­ny, äh­li hal­ky­my­zyň buý­san­jy­dy­gy­ny bel­läp, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ýaş alym­la­ry yl­my işe hem-de hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän tä­ze yl­my ugur­la­ry öz­leş­dir­mä­ge giň­den çek­mek üçin mun­dan beý­läk-de äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Ýur­du­myz­da düýp­li yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek, öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Yl­my eda­ra­la­ryň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi ýaş­la­ryň hä­zir­ki za­man mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, ylym­lar dün­ýä­si­ne çuň­ňur ara­laş­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär. Ýaş­la­ryň yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça göz­leg­le­ri alyp bar­mak­la­ry, in­no­wa­sion tej­ri­be­le­ri ge­çir­mek­le­ri, dö­re­di­ji­lik ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek­le­ri döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­nyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ne, «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da ze­rur iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga, ola­ry ylym bi­len meş­gul­lan­ma­ga iş­jeň çek­mä­ge gö­nük­di­ri­len yl­my bäs­le­şi­ge şu ýyl ýaş­la­ryň 1 müň 665-si­niň gat­naş­ma­gy onuň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar. Ýaş alym­lar na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­rial­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka; bio­teh­no­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy, eko­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka; mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýet; yn­san­per­wer ylym­lar ýa­ly 6 ugur bo­ýun­ça yl­my iş­le­ri­ni hö­dür­le­di­ler. Bäs­le­şi­giň emin ag­za­la­ry hö­dür­le­nen iş­le­ri sel­je­rip, je­mi 118 sa­ny ýaş aly­my ýe­ňi­ji di­ýip yg­lan et­di­ler. Hö­dür­le­nen yl­my iş­ler di­ňe bir na­za­ry­ýet taý­dan däl, eý­sem, önüm­çi­lik ba­bat­da hem tä­ze yl­my baş­lan­gyç­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ýaş yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň yl­my ede­bi­ýat­lar­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, dür­li pu­dak­lar we ul­gam­lar üçin peý­da­ly bo­lan tä­ze­çil yl­my ga­ra­ýyş­la­ry öňe sür­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.

Soň­ra ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry we şa­ha­dat­na­ma­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Aň-paý­has bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne äh­li gu­jur-gaý­rat­la­ry­ny, ze­hin­le­ri­ni hem-de bi­lim­le­ri­ni gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

Alym­la­ryň, şol san­da ýaş­la­ryň yl­my açyş­la­ry, in­no­wa­sion tej­ri­be­le­ri, yl­my-in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri, se­na­gat-in­no­wa­sion, mag­lu­mat-teh­no­lo­gik yl­my bar­lag­la­ry döw­le­ti­mi­ziň ylym-bi­lim kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Yl­my dö­re­di­ji­lik üçin müm­kin­çi­lik­le­riň art­ýan, mag­lu­mat­la­ry alyş­ma­gyň iş­jeň­leş­ýän, dün­ýä­niň esa­sy yl­my-bar­lag hem-de bi­lim eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň bar­ha ös­dü­ril­ýän hä­zir­ki döw­rün­de ýur­du­myz hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­la­ryň, ders olim­pia­da­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Şeý­le gat­na­şyk­lar yl­my ga­za­ny­lan­la­ryň ne­ti­je­li al­şyl­ma­gy­na, dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mä­ge, adam­za­dyň nu­ra­na gel­je­gi­ni gur­mak­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­ne hem ýar­dam ed­ýär. Bu ýö­rel­ge­ler ýur­du­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­ly­ga we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler hem-de mil­li ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ok­gun­ly ös­dür­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler, ýaş­la­ra dö­re­dil­ýän amat­ly şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Sun­gat us­sat­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nün­de Wa­ta­ny­my­zyň ýaş alym­la­ry üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy.