TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa mä­hir­li gut­lag­lar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ady­na ýur­du­myz­da her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li gut­lag hat­la­ry ge­lip go­wuş­ýar. Gut­lag hat­la­ryn­da we te­leg­ram­ma­lar­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan kö­pu­gur­ly iş­le­ri esa­syn­da mil­li yl­myň ös­dü­ril­me­gi­ne, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ry­na yl­myň ga­za­nan­la­ry­nyň, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, türk­men alym­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi, ola­ryň da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi nyg­tal­ýar. Hat­la­ry ibe­ren­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi şan­ly baý­ram bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, berk jan sag­lyk, uzak ömür, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne dur­mu­şa ge­çir­ýän asyl­ly iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýär­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň adyn­dan D.Gul­ma­no­wa gut­la­dy.

Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li döw­let Baş­tu­ta­nymy­za Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry B.Ama­now, B.An­na­mäm­me­dow, N.Ata­gu­ly­ýew, T.Ata­hal­ly­ýew, H.Gel­di­my­ra­dow, R.Me­re­dow, B.Se­ýi­do­wa, B.Oraz­dur­dy­ýe­wa, şeý­le hem Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň jo­gap­kär iş­gär­le­ri iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýol­la­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň adyn­dan gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­dent­le­ri O.Ata­ba­ýe­wa hem-de R.Ba­za­row tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy gut­la­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zy Ylym­lar gü­ni bi­len gut­la­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry-da gut­lag hat­la­ry­ny iber­di­ler.

(TDH)