TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Dur­nuk­ly ösü­şiň bin­ýa­dy

Aş­ga­bat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de “In­no­wa­si­ýa­lar, pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly ösüş” at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler giň ge­rim­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Bu baý­ra­ma ga­bat­la­nyp ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de tas­la­ma bäs­le­şik­le­ri, yl­my mas­la­hat­lar gu­ral­ýar. Ta­kyk ugur­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­riň, ýaş alym­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na mö­hüm go­şant goş­ýan Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat hem giň maz­mun­ly çä­re­le­re baý­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­dä­ki fo­ru­ma ýur­du­my­zyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň köp san­ly we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da, Weng­ri­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Ma­laý­zi­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Rus­si­ýa­nyň, Be­la­ru­suň, Bra­zi­li­ýa­nyň, Pa­kis­ta­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Uk­rai­na­nyň, Awst­ri­ýa­nyň, Gru­zi­ýa­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, yl­my mer­kez­le­ri­niň, kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Mas­la­ha­tyň umu­my mej­li­sin­de çy­kyş eden­ler ylym-bi­li­miň is­len­dik ýur­duň ösü­şi­niň bin­ýa­dyn­da du­ran mö­hüm gym­mat­lyk­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da ylym bi­len meş­gul­lan­mak, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da aý­ra­tyn dur­lup ge­çil­di. Türk­me­nis­tan­da ylym-bi­lim ul­ga­my­na de­giş­li döw­re­bap des­ga­lar yzy­gi­der­li esas­da gur­lup, ozal­dan bar bo­lan­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­riň önüm­le­ri­niň ha­sa­by­na bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi alym­la­ryň we ýaş­la­ryň yl­my göz­leg­le­ri alyp bar­mak­la­ry üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün ed­ýär. Yl­my açyş­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­re hem aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň öň­de­ba­ry­jy yl­my eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk dur­nuk­ly ösü­şe esas­lan­ýan yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­ önüm­çi­lik we dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da iş­jeň or­naş­dy­rma­ga ýar­dam ed­ýär.

Mej­lis­de çy­kyş eden da­şa­ry ýurt­ly alym­lar we­kil­çi­lik ed­ýän yl­my eda­ra­la­ry­nyň we kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler. In­no­wa­si­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly der­man­lyk ösüm­lik­ler­den alyn­ýan te­bi­gy be­je­riş se­riş­de­le­ri­ni ös­dür­mek, bio­teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly dur­nuk­ly ösü­şe ýar­dam et­mek, ýo­ka­ry bi­li­miň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­la­ryň esa­sy maz­mu­ny­ny eme­le ge­tir­di. Ylym-bi­lim ul­ga­myn­da türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ýa­pon alym­la­ry­nyň öňe sür­ýän ga­ra­ýyş­la­ry hem gel­je­gi uly ugur­lar­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ra iter­gi be­rip bi­ler. Ýa­po­ni­ýa­nyň alym­la­ry­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­ge­ti­ka, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň eks­por­ty­ny art­dyr­mak, suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da öňe sü­ren tek­lip­le­ri gi­ňiş­le­ýin ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

In­no­wa­si­ýa­lar uzak möh­let­li yk­dy­sa­dy ösü­şiň, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň esa­sy çeş­me­si bo­lup dur­ýar. Ylym, bi­lim we önüm­çi­lik in­no­wa­si­ýa ul­ga­myn­da bi­ri-bi­ri bi­len berk bag­la­nyş­ýan ugur­lar­dyr. Teh­no­lo­gik ösüş bol­sa mil­li in­no­wa­si­ýa ul­ga­my­nyň gat­na­şy­jy­la­ry bo­lan kär­ha­na­la­ryň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy esa­syn­da ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan se­na­gat top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gu­rul­ýar. Şeý­le tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry hem iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Mas­la­hat­da çyl­şy­rym­ly se­na­gat en­jam­la­ry­ny ön­dür­mek­de we or­naş­dyr­mak­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ýe­ten sep­git­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dur­lup ge­çil­di. Umu­my mej­lis Türk­me­nis­tan­da ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak­da, elekt­ron se­na­gat üçin önüm­le­ri ön­dür­mek­de da­şa­ry ýurt­ly alym­la­ryň çy­kyş­la­ry­ny, peý­da­ly tek­lip­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­dy.

Soň­ra “In­no­wa­si­ýa­lar, pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly ösüş” at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat öz işi­ni üç bö­lüm­çe­de do­wam et­di. “Ylym — ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gyň bin­ýa­dy”, “Mil­li-me­de­ni ýö­rel­ge — dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň kä­mil köp­rü­si”, “In­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar — dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň kä­mil se­riş­de­si” at­ly bö­lüm­çe­ler­de edi­len çy­kyş­lar giň ugur­lar­da ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň yl­my jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň öňe sür­ýän gym­mat­ly ga­ra­ýyş­la­ry­ny özün­de jem­le­di.

Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ser­gi­si hem gu­ral­dy. Şeý­le-de uni­wer­si­tet ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bäs­le­şi­gi­niň je­mi­ni jem­le­mek we ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy boldy.