
Hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri
Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, netijeli daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi möhüm waka boldy. Bu başlangyçda, şeýle hem Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýyldaky wakalarda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň logiki dowamy öz beýanyny tapýar.
Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, Türkmenistan goňşy döwletler bilen däp bolan gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlary hem ony mundan beýläk-de ösdürmek, sebitde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşmak ýaly asylly maksada gönükdirildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyz bilen bu üç doganlyk döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ilerledilip, hil taýdan täze mazmuna eýe boldy hem-de strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirildi. Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ugurda, BMG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary, «Merkezi Aziýa+» formaty ýaly köptaraplaýyn meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Doganlyk halklarymyzy gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni, ruhy-ahlak, ynsanperwer gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şonuň üçin ynsanperwer gatnaşyklar, şol sanda ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlarda bu mowzuga aýratyn üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasyna dostlukly saparynyň ilkinji gününde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde Türküstan şäherinde ýerleşýän Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna we onuň düzümine girýän Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine baryp gördi. Bütin türki halklaryň arasynda meşhur bolan bu akyldar hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Ömrümiň manysy» atly kitabynda aýratyn belläp geçýär. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularynda-da onuň ady agzalýar. Gahryman Arkadagymyz we Gazagystanyň döwlet Baştutany bilelikde «Etnoaul» milli medeni toplumyna, «Turkistan Visit Centre» syýahatçylyk-maglumat merkezine, «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna hem baryp gördüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çingiz Aýtmatow adyndaky «Ruh-Ordo» medeniýet merkezine baryp görmekden başlandy. Bu merkez Yssyk-kölüň kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde dünýä belli gyrgyz ýazyjysy, publisist we jemgyýetçilik işgäri Çingiz Aýtmatowyň ýadygärlik öý muzeýi ýerleşýär. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen bilelikde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna-da baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparynyň dowamynda medeniýetara dialogy dowam etdirmek meselesine aýratyn üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we goňşy döwletiň Baştutany ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň aramgähine gül desselerini goýdular. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşan bu görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgäriniň aramgähi Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýär.
Saparyň ilkinji gününde Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde «Silk Road Samarkand» halkara merkezindäki «Baky şäheriň» syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Bu ýerde Özbegistanyň gadymy taryhy we medeniýeti, özboluşly binagärlik däpleri, senetçiligi, amaly-haşam sungaty şöhlelendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, baý milli mirasymyzy gorap saklamak, öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň döwletara medeni-ynsanperwer dialogyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Çeper sözüň ussatlaryna, akyldarlardyr filosoflara hormat goýmak Merkezi Aziýanyň halklaryna hemişe mahsus bolupdyr. 2024-nji ýylda möhüm sene — beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenildi. Ajaýyp söz ussadyna bagyşlanan çäreler dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum şanly ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri boldy. Foruma hormatly myhmanlar hökmünde agzalan üç ýurduň Prezidentleri-de gatnaşdylar.
Şeýlelikde, halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň däpleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde Ýewraziýany kesip geçip, Merkezi Aziýanyň üstünden uzan Beýik Ýüpek ýoly bu gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşupdyr. Yklymara söwda ýoly hökmünde ol dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň arasynda ynsanperwer alyşmalary ýola goýmakda-da möhüm orny eýeläpdir. Türkmenistan häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasyny durmuşa geçirýär. Täze taryhy şertlerde bu gadymy ýol köptaraply ölçege eýe bolýar.
Döwletara gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna saparynyň ikinji gününde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, energetika, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, senagatyň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin bar bolan ägirt uly özara mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şeýle-de Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň çäklerinde awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň oňyn ösýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ulgamlaýyn işi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdi.
Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we hususy pudak boýunça gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak meselesi Milli Liderimiz bilen dostlukly döwletiň Baştutanynyň «SPK TURKISTAN» senagat parkyna baryp görmeginiň çäklerinde-de öz beýanyny tapdy. Şunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň we infrastruktura taslamalarynyň, döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini şertlendirýändigi, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparynyň dowamynda-da ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen duşuşykda ulag-logistika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek we olaryň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi. Şeýle-de taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň döredilendigi aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň ikinji gününde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşykda hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler energetika, ulag, oba hojalygy, himiýa senagaty, senagat hyzmatdaşlygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda mundan beýläk-de üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — söwda merkeziniň döredilmegi bilen, özara söwdany ilerletmek üçin täze mümkinçilikleriň açyljakdygyny aýtdy. Onuň gurluşygy «Daşoguz — Şabat» barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar we bu merkeziň şu ýyl ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak barada teklipleri beýan etdi. Şeýle-de Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde «Farap — Olot» ulag-logistika merkezini döretmek, bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamagy teklip etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň çäklerinde «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanandygyny hem bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň bu ýokary döwlet sylagyna iki ýurduň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkantda Özbegistanyň Lideri bilen bilelikde «EKSPO» sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde adamzat siwilizasiýasynyň ösüş tapgyrlaryny şöhlelendirýän «Wagtyň salgymlary» atly sergi bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk ýaly geljegi uly ugurda-da hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtamak gerek. Sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek üçin hem amatly şertler bar. Türkmenistanda, Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda bu ugry ösdürmäge we höweslendirmäge uly üns berilýär.
Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň üç goňşy döwlete amala aşyran dostlukly saparlarynyň netijeleri taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlyk, ony hil taýdan täze derejelere ýetirmek baradaky maksatlarynyň umumydygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli bähbitlere we tutuş sebitde abadançylygy üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň döwletara, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan eden teklipleriniň doganlyk ýurtlaryň Liderleri tarapyndan doly goldanandygyny aýratyn bellemek gerek.
Ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn meýdançalarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen, Türkmenistan bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürýär. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem tassyklaýar. Milli Liderimiziň foruma gatnaşmak maksady bilen maý aýynda Kazana amala aşyran iş sapary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy, umuman, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Türkmenistanyň her ýyl Kazanda guralýan foruma yzygiderli gatnaşmagy oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýar. Bitarap Watanymyzyň yslam dünýäsinde abraýynyň barha artmagy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işinde başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri forumda çykyş edip, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň dürli ugurlarda iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmek, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişligindäki ornuny, ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyga garaýşynyň energetika, ulag-logistika we tehnologik ugurlary ileri tutmaga esaslanýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurlarda özara tagallalary birleşdirmek üçin birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şunda ýurdumyzyň garaýşynyň parahatçylyga, hemişe deňhukukly gatnaşyklara hem-de ählumumy, sebit ýagdaýlaryna ähli gatnaşyjylaryň bähbitleriniň ykrar edilmegine esaslanýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada barýar. Şeýle işler degişli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär. Bular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.
Milli Liderimiz azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi hem hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasyna gatnaşyjy ýurt hökmünde ylalaşylan syýasatyň alnyp barylmagy ugrunda çykyş edýändigi, dürli sebäplere görä, azyk önümleriniň we durmuşda zerur bolan beýleki harytlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan yslam ýurtlarynyň bähbitlerini goramagyň tarapdary bolup durýandygy bellenildi. Çykyşynyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini, bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş bilen bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady. Foruma gatnaşyjylar Milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berip, olaryň möhümdigini we amaly taýdan ähmiýetlidigini bellediler.
16-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara türkmen-rus dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine deňhukukly, netijeli, köpugurly hyzmatdaşlyga açykdygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
(TDH)