TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň belent mertebeli Prezidenti!

2025-nji ýylyň 4 — 6-njy iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz, festiwalyň ýokary guramaçylykly geçirilmeginde döredip beren ähli şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletli işleriňiziň hemişe uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi barha ýokarlanýar. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylyp, dost-doganlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, festiwallar, sergiler, forumlar we konsertler dünýäde ählumumy parahatçylygyň we agzybirligiň dabaralanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup, dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň özara dostlukly hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň medeni syýasatynyň ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, dost-doganlyga esaslanýandygynyň güwäsidir.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklary, milli mirasy, köpöwüşginli medeniýeti we sungaty dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanda halkyň medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, tans we folklor sungatyny kämilleşdirmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Milli medeniýetiň we sungatyň yzygiderli ösdürilmegi ýurduň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýar.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar bolan biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bolan günlerimizde türkmen halkynyň myhmansöýerligini, açykgöwünliligini, dostanalygyny has ýakyndan duýduk. Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleriň häzirki wagtda Siziň parasatly baştutanlygyňyzda üstünlikli dowam etdirilýändigine örän guwandyk. Hazaryň türkmen kenarynda üstünlikli geçirilen özboluşly sungat baýramçylygy Türkmenistanda halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde ähli şertleriň döredilendigine, bu ugurda iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Dünýä halklarynyň tans we folklor sungatyny wagyz etmekde, dostlukly halklaryň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly möhüm ähmiýete eýe boldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň bilelikdäki konsertleri, «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahat we küştdepdiniň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary üstünlikli guraldy. Şeýle-de festiwalyň dowamynda biziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylmagymyz hem-de Hazar deňzinde gämili gezelenç etmegimiz ýatda galyjy boldy. Festiwalyň çäklerinde medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri birek-birek bilen tejribe alyşdylar.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlaryňyz, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, agzybirligiň pugtalandyrylmagy, medeniýetiň, sungatyň dünýä ýüzünde dabaralandyrylmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar.