TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmasy tassyklanyldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, doganlyk ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu çärelere Žeenbek Kulubaýew hem gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn syýasy dialogy üstünlikli dowam etdirmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýakynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp, şol mejlisiň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini hem-de meseleleriň giň toplumynyň, şol sanda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ägirt uly kuwwaty açmak üçin mümkin bolan ähli gurallaryň doly peýdalanylmagynyň zerurdygy tassyklanyldy. Üstaşyr ulag gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik esasynda geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.