TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň mydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde Siziň parasatly baştutanlygyňyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Siziň alyp barýan öňdengörüjilikli ekologiýa syýasatyňyz netijesinde, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm konwensiýalar we maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan alnyp barylýan durnukly ösüş syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de halkara derejede örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Sarpasy belent döwlet Baştutanymyz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, türkmen tebigatyny aýawly saklamak hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Milli Aral maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» we beýleki Kanunlarynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we olardan tygşytly peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimi has-da giňeldildi.

Ekologik taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň döredilmegi, Aralýaka sebitinde çöl ösümlikleriniň ekilmegi we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Aşgabat, Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňeldilýär, Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň rahat dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakda, şeýle hem sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda amatly şertleri döredýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barýan döwlet ekologiýa syýasatyňyz dünýä derejesinde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş, Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ýewropa Ykdysady komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Dünýä ekologik gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky we beýleki abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň gün-günden giň gerim almagy, halkara konwensiýalaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Siziň öňdengörüjilikli ekologiýa syýasatyňyzyň netijesinde, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň tebigaty goramak boýunça edaralarynyň wekilleriniň, halkara we sebit guramalarynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty häzirki döwrüň wajyp ekologik meselelerini üstünlikli çözmekde halkara tagallalary birleşdirýän möhüm waka boldy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak we onuň çäklerinde anyk çäreleri durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy abat saklamagyň dünýä derejesindäki çakylygyna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhundan rowaçlanyp, günsaýyn gözelleşýän, ösümlik we haýwanat dünýäsine baý türkmen tebigaty bu gün ajaýyp öwüşginlere beslenýär. Ösüşiň röwşen nury türkmen halkynyň bagtyýar geljegine ýalkym saçýar. Ýurdumyzda parasatly çözgütler esasynda halkara derejede önümçilik desgalary, saglyk, bilim we medeni binalar, döwrebap obalar, şäherlerdir şäherçeler gurulýar we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ruhy bolup şöhlelenýär. Şol sanda ýurdumyzyň gözel tebigaty — ösümlik we haýwanat dünýäsi halkymyzyň milli baýlygy hökmünde aýawly saklanýar. Şäherleriň we obalaryň bagy-bossanlyga öwrülmegi halkymyzy sagdyn gurşawda ýaşatmakda alnyp barylýan ýurt derejesindäki beýik işlerden aýdyň nyşandyr.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Size Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň mydama rowaç almagyny arzuw edýäris. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ata Watanymyz Türkmenistanyň şan-şöhraty asyrlara ýaň salsyn!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar.