
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar.
Gutlaglarda türkmen halkynyň hemişe tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorandygy bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly başlangyçlar mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, şeýle hem ylmy taýdan öwrenmäge ýardam berýär.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, Watanymyzyň tebigatyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu baýram bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)