
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar.
Gutlaglarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamasyna laýyklykda her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň dostlugy we parahatçylygy, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent taglymlaryny, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini alamatlandyrýandygy bellenilýär. Bu halkara baýram saglyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýaly umumadamzat ýörelgeleriniň ähmiýetini açyp görkezýär, parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür hem-de halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine öňe sürýän ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly baýram bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)