
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda her ýyl bellenilýän bu baýramda röwşen geljek baradaky ýagşy umyt-arzuwlaryň, jemgyýetiň esas goýujy däpleriniň hem-de belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapýandygy nygtalýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umumy ykrar edilen halkara kadalara we halkymyzyň çuňňur ynsanperwerlik däplerine esaslanýan döwlet syýasaty çagalaryň bähbitlerini ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitläp, olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegini esasy wezipe edinýär.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimizi mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Hormatly Prezidentimizi bu baýram bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu baýram bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)