
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu forumyň ýokary derejede guralmagy babatda döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Bu serginiň we maslahatyň ajaýyp baýram — Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de Siziň alyp barýan şähergurluşyk syýasatyňyz netijesinde Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha gözelleşýär, ol ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin amatly şähere, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülip, uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu bolsa soňky ýyllarda ýurduň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň, Aşgabada tarap täze dost-doganlyk ýollarynyň açylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guralan bu köpugurly halkara sergi we maslahat okgunly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwaty bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrdy. Sergi diňe bir görkezilýän harytlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanman, eýsem, gurluşyk harytlaryny öndürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasion işläp taýýarlamalary hödürleýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini hem görkezdi. Bu giň möçberli halkara sergi we maslahat türkmen telekeçileriniň şähergurluşyk ulgamynda dünýäniň işewür toparlary bilen ozal bar bolan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge täze itergi berdi.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Şu gezekki halkara serginiň we maslahatyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Bitaraplygyň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny, Aşgabadyň parahatçylyk döredijilik merkez hökmünde ýurduň ösmegine goşýan goşandy forumda öz aýdyň beýanyny tapdy.
Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň paýtagty parahatçylyk dörediji merkez hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Aşgabat bagtyýar geljegiň şäheridir, onda gözellik we amatlylyk, öňdebaryjy binagärlik tejribeleri, tehniki ýörelgeler bilen milli binagärlik däpleri sazlaşykly utgaşýar. Türkmen paýtagty ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, Aşgabatda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergi we maslahat bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly goşant boldy. Özara gyzyklanma bildirilýän geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri täze gatnaşyklary ýola goýmakda esas bolup hyzmat eder.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Size «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de bu möhüm çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçiligiňiz üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleriňiz hemişe rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar.