
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep uçurymlarynyň, mugallymlarynyň we ähli bilim işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagyňyz, bu dabaranyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. «Soňky jaň» dabarasynyň döwrebaplygyň nusgasyna, binagärligiň merjenine öwrülen Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelmegi agzybirligimizi has-da pugtalandyryp, eziz Diýarymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeldýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamy hem toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Siziň: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleriňizden ugur alnyp, ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize wepaly nesiller bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, bu gün bilim arkaly beýik geljek gurulýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen gazanylan oňyn tejribelerden, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, bilim işiniň ýokary hili üpjün edilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde öňdebaryjy usullar we pedagogik çemeleşmeler giňden ornaşdyrylýar. Bagtyýar ýaşlarda Watana, halka, hormatly Prezidentimiz, Size, milli gymmatlyklarymyza hormaty we söýgini, ynsanperwerligi terbiýelemek we ösdürmek maksady bilen, okuw maksatnamalary, okuw kitaplary, gollanmalar yzygiderli kämilleşdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldilýär. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi Siziň parasatly baştutanlygyňyzda biziň okamagymyz, öwrenmegimiz, zähmet çekmegimiz, elmydama kämillige tarap ymtylmak arkaly özümizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmagymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden, Magtymguly Pyragydan gözbaş alýan danalygyňyz, mähriban pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine ygrarlylygyňyz biziň üçin nusgalyk mekdepdir. Siziň ömrüni nesil terbiýesine bagyşlan, «Meniň mugallymym meniň öz halkymdyr» diýen taglymata uýan garry ataňyz — ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew, her bir işde görelde bolan eziz ataňyz Mälikguly Berdimuhamedow watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezen beýik ynsanlardyr. Siziň mähriban pederiňiz — Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri kalbymyzda watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny has-da joşdurýar. Milli Liderimiziň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary bolsa biziň üçin deňi-taýy bolmadyk gymmatly gollanmalardyr, ylym-bilim, edep-terbiýe hazynasydyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siz: «Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, ene-ata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir. Garaşsyz Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Ürgenç, Abiwerd, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherleri ilkinji ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde dünýä meşhur bolupdyr» diýip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgeleri dabaralandyrmagy, okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmagy esasy wezipeleriň biri hasaplaýarsyňyz. Siziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim bermek babatdaky tagallalaryňyz bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Siziň nusgalyk göreldäňize eýerip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagy üçin hemişe ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdigimize, ylym-bilim başarnyklarymyzy kämilleşdirjekdigimize ynandyrýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz elmydama belent bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Ýurdumyzyň mekdep uçurymlary, mugallymlary we ähli bilim işgärleri.