
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen toýlanylýan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylara, çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyza, halyşynaslara ýollan çuňňur manyly Gutlagyňyz, türkmen halysynyň taryhyny öwrenmek, ony mynasyp görnüşde geljek nesillere ýetirmek ugrundaky amala aşyrylmaly tutumly işler barada özara pikir alyşmak babatda beren taýsyz goldawyňyz üçin Size çäksiz alkyş aýdýarys. Siziň janyňyz sag, belent başyňyz aman, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda alyp barýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmen halkyny dünýä tanadan milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen halysynyň bu günki ýeten belent derejesi bizi diýseň guwandyrýar. Çünki ol senedini sungat derejesine ýetiren çeper elli zenanlarymyzyň nesillere galdyran mizemez mirasydyr. Siziň berýän goldawlaryňyz gymmatly mirasymyzy içgin öwrenmäge, ony has-da kämilleşdirmäge we dünýä ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmen halysynyň juda ir döwürlerden bäri dokalyp gelinýändigine taryhy, ylmy maglumatlar, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçylaryň, syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işlerinde tapylan haly önümleridir beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmen halyçylyk senediniň sungat derejesine çenli geçen ýoly öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisi, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi hem bu babatda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmesi we oňa goýulýan uly hormatyň nyşanydyr. Bu baýramyň uly dabara hem ruhubelentlik bilen toýlanylmagy zehinli halyçylarymyzyň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Her ýyl baýramçylyk mynasybetli, Siziň Permanyňyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen halylaryň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy bizde egsilmez şatlyk duýgusyny döredýär. Şeýle hormatly ada mynasyp bolan göreldeli halyçy zenanlarymyzyň arasynda Siziň käbäňiziň, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem bolmagy biziň üçin juda buýsandyryjydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halylarynyň gaýtalanmajak gözelliginden söhbet açyp, milli sungatymyzyň gadymy ýörelgelerini beýan edýän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary halyçylar hem-de halyşynaslar üçin gymmatly çeşmedir.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Türkmen halysynyň baýramy, haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri açyp görkezmegi maksat edindi. Türkmen halysynyň milli muzeýinde guralan sergide çeper elli halyçylaryň dokan nepis halylarynyň, täsin haly önümleriniň, milli lybaslaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň bolmagy sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gatnaşyjylar halylarynyň taryhy, dokalyş usullary, haly üçin zerur bolan çig malyň işlenip taýýarlanylyşy bilen bagly çykyşlary diňlediler.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmen halyçylyk sungatynyň dünýädäki meşhurlygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpaňyz üçin Size alkyşlarymyz çäksizdir. Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň belent, döwletli işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň halyçylary, haly we haly önümleriniň sergisine, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylar.