TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Aşgabat şäheriniň güni hem-de milli buýsanjymyz we milletimiziň ruhy baýlygynyň aýdyň beýany bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy bilen gabat gelmegi halkymyzyň jebisligini pugtalandyryp, eziz Watanymyza buýsanjymyzy artdyrýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlag hatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň batly depginde ösýändigini, günsaýyn özgerýändigini belleýärler. Aşgabat owadan we ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly baýramlar bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň abadançylygy, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly seneler bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy mähirli gutladylar.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyzy syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.

(TDH)