
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Gutlag hatlarynda bu şanly baýramyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýandygy bellenilýär. Watanymyzyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň aýdyň nyşanydyr, beýik geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir we nurana geljegimizdir. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, guramalaryň, edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly M.Öwezow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary D.Kobiskiý, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy I.Bukato mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Garryýew, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan M.Berdimyradowa, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy G.Jelilow, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A.Meredow, Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy S.Ataýew, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji E.Bagtyýarowa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy A.Allaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew hem gutlag hatlaryny ýolladylar.
(TDH)