TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz, şeýle hem bu çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletli tutumlaryňyzyň hemişe uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň baştutanlygyňyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda halkara derejede medeni çäreler — festiwallar, konsertler, forumlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Siziň çäksiz goldaw-hemaýatlaryňyz netijesinde Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal hem dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi, medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegi babatda giň mümkinçilikleri döretdi. Bu festiwal saz sungatynyň dünýäniň ähli halklarynyň düşünip bilýän özboluşly dilidigini, parahatçylyk sazynyň dost-doganlyk sazydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýerip, dünýäde ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Siziň dost-doganlyga, hoşniýetlilige esaslanýan medeni diplomatiýaňyz halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, medeniýet we sungat işgärleriniň dostlukly gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly mümkinçilikleri açýar. Çünki medeniýet we sungat dünýäniň ähli halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrýan köprüdir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Häzirki döwürde Türkmenistan parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmen halkynyň medeniýetine, sungatyna, şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklaryna Ýer ýüzünde uly hormat-sarpa goýulýar. Şan-şöhratly geçmişi, baý edebi-medeni mirasy, ajaýyp sungat eserleri bilen meşhur bolan Türkmenistanda halkyň ruhy, maddy we medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak, ýaşlary mukaddeslikleriň ruhunda terbiýelemek, medeniýeti, sungaty kämilleşdirmek hem-de olary dünýä ýaýmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylar bolan biz Garaşsyz, Türkmenistanda bolan günlerimizde munuň şeýledigine has-da aýdyň göz ýetirdik, türkmen halkynyň dost-doganlyga hormatynyň belentdigini, türkmen topragynyň myhmansöýerligini ýakyndan duýduk, halkyň parahat we abadan durmuşda ýaşaýandygyna şaýat bolduk.

«Parahatçylyk sazy» festiwaly Türkmenistanda halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde baý tejribeleriň toplanandygynyň, bu ugurda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly beýany boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertleri, kompozitorlaryň, dirižýorlaryň, sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygy, ussatlyk sapaklary üstünlikli geçirildi. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri birek-birek bilen tejribe alyşdylar. Dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyny wagyz etmekde, olaryň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakda bu festiwalyň geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, agzybirligiň pugtalandyrylmagy, medeniýetiň, sungatyň dabaralandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlaryňyzda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylar.