
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlarynyň hem-de telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň esasy nyşanlaryna bagyşlanan baýramyň türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, belent ynsanperwer gymmatlyklara, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji K.Kurbanow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, «Rönesans Holding A.Ş.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)