
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nyşanlarynyň ýurdumyzyň mizemez jebisliginiň, belent ynsanperwerlik ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, döredijilige ygrarlydygynyň aýdyň beýany bolup durýandygy nygtalýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygy, eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan köptaraply işinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)