TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary hatlarynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Halkara derejede gazanylan bu ýeňiş bütin dünýäde türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrdy. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy «Arkadag» futbol toparynyň gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň sport abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyza «Arkadag» futbol toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy futbolçylarymyzyň ajaýyp ýeňşi bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimize syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem mähirli gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)