
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda türkmenistanlylaryň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda edermenligiň, mertligiň nusgasyny görkezendikleri, tylda galanlaryň bolsa jan aýaman zähmet çekendikleri bellenilýär. Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrunda edermenlik görkezenler hakyndaky ýagty hakyda nesilleriň ýüreklerinde hemişelik saklanar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly M.Öwezow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adandaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Bäherden etrabynyň häkimi S.Çopanow, Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi S.Meredow, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew we beýlekiler gutladylar.
(TDH)