TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda hem-de telegrammalarynda ýurdumyzda watansöýüjilik däplerine çuňňur hormat goýulýandygyny, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ene topraga söýginiň belent nusgasyny görkezip, söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmen gerçekleriniň atlarynyň ebedileşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji K.Kurbanow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we türkmen diplomatlarynyň adyndan R.Meredow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Hajiýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýew, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow tüýs ýürekden gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow hem gutladylar.

(TDH)