TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda Beýik Ýeňşiň millionlarça adamyň, şol sanda türkmen gerçekleriniň görkezen mertligi we gaýduwsyzlygy netijesinde gazanylandygyny belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza uruş weteranlary barada edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin hoşallyk bildirýärler we tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)