TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gahryman Arkadagymyz resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady

Aşgabat, 5-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Ýewropa ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek esasynda alnyp barylýar. Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli dialogy alyp barýarlar.

Söwda-ykdysady ulgam döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudyr. Gurluşyk, nebitgaz, aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk hem netijeli häsiýete eýe. Ýurdumyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglylykda, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halklary ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna şu gezekki resmi sapary türkmen-fransuz dialogyny giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.