TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Gazagystan Respublikasynyň Karagandy oblastynda ýerleşýän Kostenko adyndaky şahtada bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim” diýip, Gahryman Arkadagymyz gynanç hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

(TDH)