TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň başlangyjyňyz bilen geçirilen bu halkara maslahat türkmenistanlylara we dünýä jemgyýetçiligine ýurduň halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi babatda gazananlaryny açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Bu maslahatyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy berkitmäge ymtylýandygyny aýdyň görkezdi. Çünki forumyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan hil kepilligi we sertifikatlaşdyrmak bilen bagly meseleler häzirki wagtda uly gyzyklanma eýe bolýar.

Dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmak üçin umumy ykrar edilen kadalaryň we standartlaryň berk berjaý edilmegi talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, sertifikatlaşdyrmagyň halkara ulgamynyň ornaşdyrylmagy durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda, haryt öndürijileriň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Halkara sertifikatlaşdyrmak işi öndürijileriň dünýä bazarlarynda durnukly orun almagy üçin uly mümkinçilikleri açýar, halkara hyzmatdaşlar tarapyndan önümleriň ýokary hiliniň ykrar edilmegini üpjün edýär. Şoňa görä, häzirki döwürde döwletiň ykdysady syýasatynda ekologik, durmuş we dolandyryş standartlaryny berk berjaý etmek meselelerine ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar. Sertifikatlaşdyrmak eksporty artdyrmagyň, aýratyn-da, işewürligiň uzak möhletli esasda durnukly ösmeginiň hökmany şerti bolup durýar.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň tagallalaryňyz esasynda Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi boýunça alnyp barylýan işler ýurduň ykdysady ösüşine we halkara abraýyna oňyn täsirini ýetirýär. Önümleriň we hyzmatlaryň halkara standartlara laýyk gelmegi olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar, eksport mümkinçiliklerini giňeldýär we sarp edijileriň hukuklaryny goramaga ýardam edýär. Türkmenistanda öňdebaryjy halkara standartlary has giňişleýin ornaşdyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi bolsa halkara bazarlarda türkmen harytlaryna bolan ynamyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Şu halkara maslahatyň geçirilmegi hem geljekde bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmekde, Türkmenistanyň dünýä bazarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tutýan ornuny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde ýokary derejede guralan «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň dowamynda işewür toparlaryň, abraýly bilermenleriň we edaralaryň arasynda iň gowy tejribeleri, kämil usullary alyşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu çäräniň dowamynda edilen çykyşlar, geçirilen duşuşyklardyr gepleşikler döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de halkara guramalaryň arasynda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda örän netijeli boldy.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren goldawlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

«Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylar.