TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Siziň başlangyjyňyz bilen guralan bu giň möçberli çäre türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilige ýurduň söwda hem-de hyzmatlar ulgamynyň gazananlaryny açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň tagallalaryňyz esasynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda ulgamy häzirki döwürde halk hojalyk toplumynyň çalt depginler bilen ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurduň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi ilatyň abadançylygynyň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň görkezijisidir. Döwrebap, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda önümçilikleriň döredilmegi, olaryň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy, hyzmat hem-de marketing edaralaryny kämilleşdirmek arkaly dünýä bazarynyň talaplaryny nazara alyp, geljegi uly taslamalaryň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýetilen sepgitler sergi-ýarmarkanyň ekspozisiýalarynda öz beýanyny tapdy.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Bu giň möçberli sergi-ýarmarka Türkmenistanyň daşarky söwda bazarlarynda mynasyp оrun eýeleýändigini, içerki söwda we hyzmatlar ulgamyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde, ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny amala aşyrmakda guwandyryjy netijeleriň gazanylýandygyny, alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň barha artdyrylýandygyny, hususy pudagyň gadamlarynyň barha batlanýandygyny açyp görkezdi. Serginiň çäginde haryt öndüriji kärhanalaryň wekillerine, hususy telekeçilere daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredildi. Türkmenistanda milli harytlaryň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmakda, içerki sarp ediş bazaryny ýerli önümler bilen üpjün etmekde, hyzmatlary amala aşyrmakda öňdebaryjy halkara iş tejribesini ornaşdyrmak arkaly elektron söwdany, sanly hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde-de belent sepgitlere ýetilýär. Şoňa görä, bu sergi-ýarmarkanyň dowam eden günlerinde geçirilen tanyşdyrylyş, haryt öwreniş çäreleri, duşuşyklardyr gepleşikler işewürlerde, hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren goldawlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň belent bolmagyny, türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar.