
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyňyz netijesinde dünýäniň ykdysady giňişligine giň gerimli goşulyşmaga ugur alan Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagy çaltlandyrmak üçin gatnaşyklary pugtalandyrmakda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Siziň tagallalaryňyz bilen ýokary derejede guralan bu forum hem gurama agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek babatda möhüm ädime öwrüldi.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyň barşynda tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, arassa energiýa geçmek, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk, öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini peseltmek babatda taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda döwrebap meýiller barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Bu duşuşyk maliýe strategiýalaryny, şol sanda howa bilen bagly maliýeleşdirmegi, “ýaşyl” ykdysady ösüşe ýardam edip biljek birnäçe gurallary ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi. Forumyň dowamynda howpsuz we ygtybarly iş ýerlerini giňeltmäge ýardam etmek, ilatyň sanynyň yzygiderli artmagyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterliligini gowulandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagy çaltlandyrmak üçin maşgala institutlarynyň hukuk binýatlaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren ýardamlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmegine, dünýä döwletleri, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşyjylar.