TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama laýyklykda, şertnamada elektrik stansiýasy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumy şäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de ozal bar bolan “A” we “B” binalarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirmek barada “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama laýyklykda, şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.