TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda we telegrammalarda bu baýramyň halkymyzyň gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke atlaryny dünýä peşgeş beren ata-babalarymyzyň gadymy däplerine aýawly garaýandygyny alamatlandyrýandygy bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleri düýpli özgertmeler ýoly bilen belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň döredijilikli güýjüniň nyşany bolup durýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow gutlag hatlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Naýçen, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gutlag hatlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy A.Allaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew we beýlekiler hem gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)