
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ýurdumyzyň mähriban halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň halkymyzyň milli baýlygy, göz guwanjy we ýürek buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimize goýýan belent sarpaňyzyň, ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek babatda edýän taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty barha belende galýar. Siziň ata-babalarymyzyň bize miras goýan bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleriňiz türkmen atşynaslarynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda hem-de parahat durmuşda ýaşaýan bagtyýar türkmen halky Siziň her bir başlangyjyňyzy, kabul edýän il-ýurt bähbitli Kararlaryňyzy we çözgütleriňizi ýokary ruhubelentlik bilen garşy alýar. Dana pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegi, olara döwrebap öwüşgin berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatynda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, medeniýetinde, sungatynda, oba hojalygynda, senagatynda, şol sanda atçylyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegine bolan ynamyny has-da artdyrýar.
Siz türkmen atşynaslarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we kämilleşdiren, milli seýisçilik sungatynyň esasynda ösdürip ýetişdiren meşhur ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärsiňiz. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi — Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem muňa doly şaýatlyk edýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şol sanda atly sporty ösdürmek babatda ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga berlen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň durky täzelenip, çapuw ýodalary döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Köpetdagyň eteginde, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde atşynaslarymyz üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ussat atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirýän ezber türgenleri taýýarlamak boýunça döwrebap okuw merkezleri döredilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerimizi ylmy taýdan öwrenmek, atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar.
Siziň berýän hemaýat-goldawlaryňyza jogap edip, türkmen atşynaslarynyň hem-de bu pudakda tutanýerli zähmet çekýän hünärmenleriň, seýisleriň, türgenleriň, ähli atşynaslaryň adyndan ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň nesil arassalygyny gorap saklamak, şan-şöhratyny belende götermek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleri alyp barjakdygymyza ynandyrýarys.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin Size bu baýramçylyga gatnaşyjylaryň, ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň we bedew janköýerleriniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkyny bagtyýar geljege tarap alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylar hem-de ýurdumyzyň atşynaslary.