TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilýär. Bularyň ählisi türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hem-de buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň kepili bolup durýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, N.Atagulyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)