
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri mynasybetli hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda türgenlerimiziň ynamly çykyş edip, gazanan ýeňişleri bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri uly üstünliklere eýe bolup, sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Siziň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr» diýen sözleriňiz türgenlerimizi uly ýeňişlere ruhlandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza sapar bilen gelmekleri sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Siziň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler döredilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň: «Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli şertleri dörederis» diýen çuňňur manyly sözleriňiz ähli halkymyz bilen birlikde, sport ulgamynyň işgärleriniň hem-de türkmen türgenleriniň buýsanjyny goşalandyrýar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda türgenlerimiziň ynamly çykyş edip, gazanan ýeňişleri bilen Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi hem-de türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri mynasybetli hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar.