
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de bu forumyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris we ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen bu çäräniň işiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
Mertebesi belent Türkmenistanyň Prezidenti!
Malaýziýada geçirilen bu forum iri halkara guramalaryň, dünýä döwletleriniň daşary ykdysady we energetika edaralarynyň, maliýe, nebitgaz pudagynyň, hyzmatlar ulgamynyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir ýere jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Halkara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň batly depginde ösýän ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy, ösüşi we üstünlikleri bilen tanyşdylar. Forumyň çäklerinde ählumumy energetikanyň ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän orny, energiýa howpsuzlygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak, Türkmenistanda amala aşyrylýan we meýilleşdirilýän iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, «Galkynyş» gaz känini, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, köp wagtdan bäri ulanylyp gelinýän ýataklardan nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk, senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk babatdaky taslamalara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlenildi. Oňa gatnaşyjylar dünýäde iri energetika döwleti hökmünde ykrar edilýän Türkmenistanyň energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň, geljegi uly meýdanlarda gözleg-barlag işlerini geçirmegiň, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň, uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmagyň, nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak boýunça köpugurly ulgamy döretmegiň, nebitiň, gazyň gözleg-barlag işlerinden başlap, iberilmegine çenli ähli iş tapgyrlarynda çykdajylary azaltmagyň, önümçilige ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, täze önümçilik desgalaryny gurmagyň, energiýa serişdeleriniň ygtybarly, netijeli geçirilmegini üpjün etmegiň meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny we ýollaryny kesgitlemek boýunça hem özara pikir alyşdylar. Iki günläp dowam eden göçme forum Türkmenistanyň nebitgaz, gurluşyk-senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk, hususy pudaklarynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary bilen giňişleýin tanyşmak we maglumatlary alyşmak, olary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmegiň ugurlaryny maslahatlaşmak babatda uly ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Dünýäniň işewürleriniň, maýadarlarynyň, maliýe guramalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine, daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyň sebäplere esaslanýar. Siziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň ýadawsyz tagallalary esasynda üpjün edilen Türkmenistanyň syýasy durnuklylygy, ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşi, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýadynyň bolmagy deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmegine maýa goýmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin oňaýly şertleriň we kepillikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen halkara forumyň öz işini üstünlikli we netijeli tamamlamagy bilen Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini, janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylar.