TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda we telegrammalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, önümçilige täze işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmak, dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtalýar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew gutladylar.

Hormatly Prezidentimize bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow hem iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)