TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda dünýä ylmynyň gazananlaryndan we tejribesinden giňden peýdalanmaga, düýpli ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigi nygtalýar. Munuň özi ählumumy derejede innowasion hem-de medeni ösüşi gazanmagyň bähbidine parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini täze sepgitlere ýetirmegiň wajyp şertidir. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu buýsandyryjy waka bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Seýidowa, B.Orazdurdyýewa hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem döwlet Baştutanymyzy Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)