TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistan — ABŞ: medeni gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, talyp ýaşlar girdi.

Iki dostlukly ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Bu şäher 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Şonda ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilip, onuň özara düşünişmekde we hyzmatdaşlykda, taraplaryň şäheriň dolandyryş hem-de şähergurluşyk, bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, tehnologiýalar, sport ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna ýardam etjekdigi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri medeni-ynsanperwer ulgamda işjeň ösdürilýän türkmen-amerikan gatnaşyklaryna önjeýli goşant goşar hem-de türkmen we amerikan halklarynyň ýakynlaşmagyna, olaryň medeniýetiniň özara baýlaşmagyna, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder. Soňky ýyllarda medeniýet babatda geçirilýän çäreler, hususan-da, Medeniýet günleriniň çäklerinde meşhur döredijilik toparlarynyň çykyşlary däbe öwrüldi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diego we El-Kahon şäherlerinde türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan Medeniýet günleriniň geçirilendigini bellemek gerek. Şol Medeniýet günleri jemgyýetçiligiň arasynda giň seslenme döretdi. Bu çäräniň çäklerinde milli şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, türkmen halylarynyň, fotosuratlaryň sergisi guraldy.

Kaliforniýa ştatynyň San-Diego we El-Kahon şäherleriniň administrasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bu şäherlerde 31-nji awgusty “Türkmenistanyň güni” diýip yglan etmek hakynda Jarnama kabul edildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar.

2011-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin medeniýet we ylmy işgärleriň, döredijilik toparlarynyň uly wekiliýeti Waşingtona iberildi. 2012-nji ýylyň noýabrynda jogap çäresiniň — ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyz ABŞ-nyň alymlaryny, sazandalaryny, suratkeşlerini, zergärlerini we aşhana sungatynyň ussatlaryny kabul etdi. Meşhur amerikan ýerine ýetirijileriniň, aýdym-saz toparlaryň saparlary, amerikan kinosynyň günleri we beýleki bilelikdäki çäreler yzygiderli geçirilýär. 2013-nji ýylyň dekabrynda bir hepde dowam eden Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda, Nýu-Ýorkda we Albukerke şäherlerinde dürli çäreler geçirildi. Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna Albukerke şäherinde 2021-nji ýylyň 25-nji maýy «Doganlaşan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edildi.

Şu gezekki Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýeti Albukerke muzeýine baryp gördi we bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdy.

Medeni çäräniň ilkinji gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary Albukerkäniň Nýu-Meksiko uniwersitetine baryp gördüler we bu bilim ojagy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşykda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara tejribe alyşmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu uniwersitet 1888-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda esaslandyrylyp, adybir ştatyň iň iri we abraýly döwlet ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde talyplaryň 27 müňden gowragy dürli hünärler boýunça bilim alýar. Uniwersitetiň dürli şäherlerde dört sany şahamçasy, şeýle hem tutuş Nýu-Meksiko ştaty boýunça ylmy-barlag merkezleri hereket edýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň möhüm ähmiýetli desgalary, 4 million kitap gaznasy bolan kitaphanasy bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdebiniň wekili uniwersitetiň işi barada aýdyp, türkmen wekilleriniň sowallaryna jogap berdi.

Şol gün beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň şöhratly oglunyň hormatyna 2024-nji ýylda belleniljek şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda dürli çäreler guralýar. Çünki beýik söz ussadynyň döredijilik mirasy milli we dünýä ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Maslahatyň barşynda iki ýurduň wekilleri Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmegiň, olary wagyz etmegiň we dürli dillere terjime etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandy, şonuň netijesinde ýurdumyzda ylmy mekdebiň ösdürilmegine, ata-babalarymyzyň ruhy mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam edýän giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, halklary dost-doganlyga çagyran Magtymguly Pyragy Gündogaryň çeper söz sungatyny baýlaşdyrmakda, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesini we edebiýatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitirdi. Hut Magtymguly türkmen halkynyň mertebesini belent derejelere göterdi.

Forumyň dowamynda amerikan tarapyndan şahyr we Nýu-Meksiko ştatynyň senatynyň agzasy Uilýam O,Neil çykyş etdi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip, şeýle möhüm ähmiýetli çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Maslahatyň barşynda türkmen alymlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen eserleriniň tanyşdyrylyşy boldy.

24-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Albukerke şäheriniň häkimi Timoti Keller bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda doganlaşan şäherler bolan Albukerkäniň we Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda, aýratyn-da, medeni ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada gürrüň edildi.

Albukerkäniň häkimi geçen ýylda Aşgabada bolan iş saparynyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Häkim türkmen myhmansöýerligine ýokary baha berip, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ajaýyp däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň şaýady bolandygyny belledi.

Häzirki Aşgabadyň binagärlik keşbi, onuň köp sanly täsin binalarynyň gözelligi haýran galdyrýar. Türkmen paýtagtynyň binagärlik babatda, hususan-da, dürli maksatly desgalary gurmakda ak mermeri we beýleki gurluşyk serişdelerini ulanmakda toplan tejribesi öwrenilmäge mynasypdyr diýip, Timoti Keller aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar, hususan-da, Arkadag şäherini gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada gürrüň edildi.

Şeýle hem şol gün “Kiwa Auditorium” zalynyň eýwanynda türkmen milli mirasyna we sungatyna bagyşlanan sergi açyldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýan gymmatlyklaryň 140-dan gowragy görkezildi.

Halyçylyk sungaty bölüminde ýüpekden we ýüňden dokalan halylar hem-de haly önümleri görkezildi. Bu ýere gelenler çeper elli halyçylarymyzyň nepis işlerine haýran galmak bilen syn etdiler. Bu ýerde keşdeçilik sungatynyň önümleri bilen birlikde, erkekleriňdir zenanlaryň milli lybaslary, kürteler we beýlekiler ýerleşdirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň, aýratyn-da, türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, olary dünýäde giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Serginiň aýratyn bölümi türkmen saz gurallaryna bagyşlandy. Bu ýere gelenler dutar, gyjak, gopuz, tüýdük ýaly saz gurallaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Kümüşden ýasalan milli şaý-sepler goýlan diwarlyklar bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Olar şaý-sepleriň bezegleri, nagyşlary, olaryň taryhy, ýasalyş tilsimleri bilen içgin gyzyklandylar. Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň, hususan-da, Marguşuň, Parfiýanyň we beýlekileriň fotosuratlary görkezildi. Sergä gelenler ak mermerli Aşgabadyň täsin binalarynyň, hususan-da, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň suratlaryny haýran galmak bilen synladylar. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň suratlary hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Sergide beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan gymmatlyklar aýratyn orun eýeledi.

Türkmen milli mirasyna we sungatyna bagyşlanan sergä gelen köp sanly myhmanlar şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellediler.

Soňra “Kiwa Auditorium” konsert zalynda Albukerkäniň ýaşaýjylary üçin Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu şäheri gurmak pikiri we konsepsiýasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bellenilişi ýaly, şäheriň gurluşygy 2019-njy ýylyň aprelinde başlandy. Geçen döwrüň içinde türkmen telekeçileriniň güýji bilen 336 sany desga guruldy. Şolaryň hatarynda kaşaň ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalar hem bar. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalaryny gurmaga girişildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň kartasynda döwrebap şäher peýda boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan bu şäherde ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin zerur şertler döredildi. Munuň özi eziz Watanymyzyň okgunly ösýändigini alamatlandyryp, türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrýan waka öwrüldi.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň “Kiwa Auditorium” zalynda bolan konserti Medeniýet günleriniň jemleýji çäresine öwrüldi.

Çäräni açyp, Albukerke şäheriniň häkimi Timoti Keller we Doganlaşan şäherler gaznasynyň başlygy Pem Fezer şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň iki ýurduň, hususan-da, olaryň paýtagtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Soňra “Dokmaçylar” folklor-etnografik topary, meşhur halk sazandalary hem-de aýdymçylar çykyş etdiler. Joşgunly tanslar, aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanan owazlary, däp-dessurlar bilen baglanyşykly sahnalaryň özboluşlylygy, ýerine ýetirijileriň köpöwüşginli lybaslary ýatdan çykmajak baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren “Türkmen güneşiniň nurundan salam, Arkadag Serdaryň ilinden salam”, “Buýsan türkmen, Arkadagly Serdara!” atly aýdymlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsertde şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdyma şowhunly el çarpdylar.

Zehinli aýdymçylarymyzyň ýerine ýetirmeginde köp aýdymlar iňlis dilinde ýaňlandy. Halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy, däp-dessurlaryň täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda dowamatlylygy konsert maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Sazandalar, aýdymçylar we tansçylar öz ussatlyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Konsertiň köpöwüşginliligi sungatyň birleşdiriji we döredijilikli güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gadymy türkmen “Küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi medeni baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Konsertiň ahyrynda “Arkadagym bilen Arkadagly Serdarym” atly aýdym ýaňlanyp, ol iki ýurduň halklarynyň dostlugynyň joşgunly senasyna öwrüldi. Tomaşaçylar artistlere dowamly we şowhunly el çarpyşmalary bagyşladylar.

Umuman, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki ýurduň medeni durmuşynda ajaýyp we ähmiýetli waka öwrülip, halklarymyzyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, olaryň özara düşünişmeginiň we dostlugynyň berkemegine uly goşant boldy.

(TDH)